11-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet dolandyryşynda ýaş hünärmenlere orun bermek, olaryň dowam edip gelýän hem-de döwrebap ýörelgelere esaslanyp iş alyp barmagynyň zerurdygy dogrusynda aýratyn nygtap geçdi.
Mejlisde eden çykyşynda ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şeýle belledi: “Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin. Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin”.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde nazarda tutulan maksatlar bilen baglylykda hem, 12-nji martda ýurdumyzda Prezident saýlawlary geçiriler. Bu ugurda döwlet baştutanlygyna dalaşgärleriň hödürlenmegi 14-nji fewraldan başlandy.