11-nji fewralda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarymyzyň dolandyryş merkezlerinde garyşyk görnüşde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyna garaldy.
 
Bu syýasy çäre Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň wekilleri, döwlet edaralarynyň hem-de gurluşlarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, şeýle hem hormatly il ýaşululary gatnaşdylar. 

Mejlisiň barşynda wise-premýerler we welaýatlaryň häkimleri geçen ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurlarynda gazanylan netijeler hem-de ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda belledi. Şunda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, makroykdysady görkezijileri durnukly ýagdaýda saklamaga gönükdirilen işlere uly ähmiýet berildi. Parahatçylygy we howpuzlygy üpjün etmek, dünýä jemgyýetçiliginde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny dowam etmek we ösdürmek, halkara gatnaşyklarynda ynsanperwer ýörelgelere ygrarlylyk, daşary ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak ýurduň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde nygtaldy. 

Mundan başga-da, türkmen Lideri ýurdumyzyň nobatdaky ösüş tapgyrynda ýaşlara uly orun bermelidigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda:«Men ýurdumyzyň täze ösüş tapgyrynda döwrebap talaplaryň hem-de milli ruhuň sazlaşygy esasynda terbiýelenen ýaş ýolbaşçylara döwleti dolandyrmagyň ýoluny bermelidigi hakynda pikiri goldaýaryn. Men özümiň uly durmuş we syýasy tejribämi Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etmegi we bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin» diýip belledi. 

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022-2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi.