Türkmenistanda nebit ýataklaryny gözläp tapmak işlerini ösdürmäge 250 million manatdan gowrak serişde sarp ediler. Bu hakynda Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki iş maslahatynyň barşynda gol çekendigi «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi banky «Türkmenbaşy» paýdarlar-täjirçilik bankyna degişli pul serişdelerini bölüp berer. Bank öz gezeginde «Türkmennebit» döwlet konsernini ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň öňünde goýlan maksatlary üstünlikli ýerine ýetirmegi, nebit ýataklaryny gözläp tapmak işlerini ösdürmegi üçin karz serişdeleri bilen üpjün eder.
«Döwletimiz bu ulgama maýa goýumlaryny gönükdirmegi dowam eder» — diýip, türkmen Lideri belledi.
Geçen aýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi bankyna «Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna jemi 234 million manat möçberinde pul serişdelerini bölüp bermegi tabşyrdy. Bu serişdeler «nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegiň we gözleg-gazuwyň netijesinde tebigy gazyň möçberini artdyrmak işlerini maliýeleşdirmäge gönükdirilýär».