Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 50 million 60 müň dollaryna deň bolan jemi 36 geleşik hasaba alyndy.
Ýerli telekeçilere ýokary dykyzlykdaky polietilen hem-de el halylary ýerlenip, olaryň umumy bahasy 53,8 million manat boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň we Owganystanyň işewürleri dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän az kükürtli mazudy we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan ЭКО-93 ýangyjyny satyn aldylar.