28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň 2022-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky» Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde habar berildi.

Çäreler «Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerini, daşary döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekki ösüşlerini dünýä jemgyýetine tanyşdyrmak, şeýle hem milli ykdysadyýete maýa goýumlary, ýokary derejeli tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek» maksady bilen guralýar. 

Prezident Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara 2022-nji ýylda göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede guramagy, milli önümleriň dünýä bazarynda islegliligini artdyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mahabat mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmagy tabşyryk berdi.