2-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň hem-de banklaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly käbir meselelere garаldy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly wezipeleri kesgitledi.
Ýurdumyzyň ähli bank ulgamynyň, şol sanda Merkezi bankyň öňünde ykdysadyýetde pul serişdeleriniň durnuklylygyny saklamak we bu ugurda gözegçilik işlerini alyp barmak wezipesi goýuldy.
«Ýurdumyzyň karz-pul syýasatyny, maliýe serişdeleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, şeýle hem ykdysadyýeti karz serişdeleri bilen üpjün etmek we olaryň peýdalanylyşynyň netijeliligini artdyrmak zerurdyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi — «Türkmenistanyň karz-pul syýasatynyň esasy maksady milli manadyň hümmetini pugtalandyrmakdan, döwletiň senagat-innowasiýa ösüşini goldamakdan ybaratdyr».
Şeýle hem maslahatyň dowamynda Prezident Berdimuhamedow Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky we beýlekiler ýaly iri halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk arkaly kiçi we orta kärhanalara maliýe goldawyny bermegi dowam etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Milli maksatnamasyna ilata ýerine ýetirilýän sanly bank hyzmatlaryny we olaryň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri girizmegiň zerurdygyny nygtady.