Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine hödürlemek maksady bilen, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” gutarnykly taslamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň maliýe-ykdysadyýet toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow taslamanyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamaga ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bu maksatnamada geljek 30 ýylyň dowamynda ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de milli Garaşsyzlygyň we baky Bitaraplygyň esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek barada belledi. Türkmenistany ýakyn 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek üçin, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” gutarnykly taslamasyny işläp taýýarlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.