Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwda geleşikleriniň barşynda jemi 26 geleşik hasaba alyndy. 

Russiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň işewürler topary Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyrylan kerosini, ýangyç mazudyny, nebit koksuny, bitumy, polipropileni satyn aldylar. 

Şeýle hem Serbiýäniň we Türkiýäniň telekeçileri daşary ýurt puluna  buýan köküniň gury ekstraktyny, dürli metallaryň ýüzündäki posy we ýagy arassalamak üçin serişdäni satyn aldylar. Türkmen işewürlerine nah ýüplügi ýerlenildi. 

Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million dollaryna deň boldy. 

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň işewür toparlary bahasy 87 müň manatdan gowrak bolan derman senagatynyň dürli görnüşli önümlerini satyn aldylar. 

Türkmen telekeçilerine umumy bahasy 1 million 613 müň manat bolan el halylary we pagta süýümi ýerlenildi.