24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda Oba milli maksatnamasynyň, ýollaryň we medeni-durmuş desgalarynyň gurluşygynyň ýerine ýetirilişine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz Baş prokuror Batyr Atdaýewiň ýerlerde alnyp barlan barlag işleriniň netijeleri hakynda beren hasabaty bilen tanşyp, degişli ulgamlarda, şol sanda ýol-gurluşyk ulgamynda işleriň haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirdi. Awtoulag tehnikalarynyň doly kuwwatyndan peýdalanylmaýandygy, olaryň dürli şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigi ýol gurluşyk işlerinde bökdençlik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer Çarymyrat Pürçekowa ykdysadyýetçiler bilen bilelikde awtoýollaryň gurluşyk işlerini çaltlandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem Prezident Berdimuhamedow ýol-gurluşyk işleriniň depgininiň haýal alnap barylýandygy sebäpli Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine närazylyk bildirdi.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem ilatyň arassa agyz suwy, elektroenergiýa we tebigy gaz bilen üpjün edilişi bilen bagly çärelere gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

Şeýle hem türkmen Lideri täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň,  medeniýet, sport merkezleriniň, saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygyna degişli meseleler hakynda durup geçip, olaryň gurluşygynda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesiniň we sanly tehnologiýanyň ulanylmagyna ünsi çekdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ilatyň durmuş goraglylygy bilen bagly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.