19-njy ýanwarda Aşgabatda Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oralyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Onda ilçi türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi hakynda pikirlerini beýan etdi. Şeýle hem metbugat maslahatynyň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze metbugat wekili H.Bektaş bilen tanyşdyryldy. 

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etmek bilen, diplomat 2021-nji ýylda, pandemiýa sebäpli çäklendirmelere garamazdan, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda ýük dolanyşygynyň möçberiniň artandygyny, şol sanda Türkmenistandan Türkiýä eksport edilen harytlaryň  möçberiniň 50%, Türkiýeden Türkmenistana eksport edilen harytlaryň 27% ýokarlanandygyny belledi. Iki döwletiň arasyndaky haryt-dolanyşygynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 911 million  dollaryna deň boldy. 

Diplomatyň pikirine görä, özara söwda dolanyşygynyň artmagyna Hazarüsti ulag gatnawynyň täsiri uly boldy. Geçen ýylda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşinde ýokary derejedäki saparlaryň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Türk döwletleriniň guramasyna synçy agza hökmünde saýlanmagy bilen bagly noýabr aýynda Stambula saparynyň we Türkiýäniň Lideri Rejep Taýip Ärdoganyň Aşgabada saparynyň ähmiýeti uludyr. 

Ilçi geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gurban baýramy mynasybetli tussaglaryň günäsini geçmek hakynda ynsanperwer Kararyna laýyklykda, Türkiýäniň raýatlarynyň günäsiniň geçilendigi we olaryň mukaddes Gurban baýramyny öz Watanynda maşgalasy bilen garşylandygy üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi.