Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Durnuklaşdyryş gaznasy «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň atçylyk sport toplumlarynyň  döwrebaplaşdyrylmagy, atlary ösdürip ýetişdirmek üçin şertleriň gowulandyrylmagy, atçylyk sportunyň hem-de atlaryň baş sanyny artdyrmagyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi,  şeýle hem atçylyk ulgamynyň hünärmenleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy üçin pul serişdelerini bölüp berer. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde habar berildi. 

Türkmenistan atçylygyň we atçylyk sportunyň däpleriniň gaýtadan dikeldilmegine hem-de ösdürilmegine aýratyn uly üns berýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi, dünýäde meşhurlyk gazanan ahalteke bedewleriniň heýkelleri oturdyldy.Şeýle hem Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygyň şanyna uly pul baýraklary goýlan at çapyşyklary, şeýle-de aýdym-sazly konsertler, sport görkezme çykyşlary guralýar.

Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasy 2008-nji ýylda döredilip, onuň esasy wezipesi dünýä ykdysadyýetiniň maliýe çökgünliginiň we beýleki ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize ýetirjek ýaramaz täsirlerini,  ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň tebigy baýlyklarymyza garaşlylygyny azaltmakdan ybaratdyr. Gaznanyň serişdeleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyny üpjün etmäge gönükdirilýär.