Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 104 million 248 müň dollaryndan gowrak bolan söwda geleşikleriniň 54-si hasaba alyndy.
Ýurdumyzyň nebitgaz we nebithimiýa ulgamynyň önümleriniň uly toplumy daşary ýurtly telekeçilere ýerlenildi. Şeýlelikde, BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, şeýle hem Maltanyň we Şweýsariýanyň işewürler topary dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümlerini — düzümi az kükürtli ýangyç mazudyny, kerosini, suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Mundan başga-da Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümi bolan tehniki kükürt ýerlenildi.
Söwda geleşikleriniň barşynda daşary ýurtly we ýerli işewürler tarapyndan içerki bazar üçin elde dokalan halylar, plastika önümleri we arassalaýjy serişdeler satyn alyndy.