17-nji ýanwarda Daşkentde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen duşuşygyň çäklerinde oba hojalygy, elektrotehnika, himiýa senagaty hem-de gurluşyk materiallarynyň önümçiligi ugurlarynda maýa goýum we eksport boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.
Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, özbek tarapyna bolsa maýa goýum we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem resminamalara gol çekişlik dabarasyna iki ýurduň esasy ministrlikleriniň, edaralarynyň, pudaklaýyn birleşikleriniň we söwda senagat palatalarynyň ýolbaşçy düzümleri gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar maýa goýum, senagat, söwda-ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny, şeýle hem azyk we suw howpsuzlygy ugrunda özara hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Senagat kooperasiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly meseleleri aradan aýyrmaga aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokary tehnologiýalaryň önümçiligi ulgamynda bilelikde taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirdiler.
Sebitara hyzmatdaşlygyň meselelerine seretmek bilen, taraplar Özbegistan we Türkmenistan sebitleriniň ilkinji forumyny 2022-nji ýylda geçirmäge taýýarlyk görmegi ara alyp maslahatlaşdylar.