Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistan Yslam ösüş bankynyň we Nebiti eksport ediji ýurtlaryň hökümetara guramasynyň(OPEK) Halkara ösüş gaznasynyň karz serişdeleriniň hasabyna iki görnüşli — Ro-Ro we ýük gatnadyjy gämileriň gurlyşygyna başlar.
Kararda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky ýurdumyzyň adyndan degişli ylalaşyklary baglaşar.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ro-Ro görnüşli gäminiň uly göwrümli ýükleri uzak aralyga daşamaga niýetlenilýändigini belledi. Mundan başga-da olarda ýükleri ýüklemek we düşürmek işini ýeňilleşdirýän şertler göz öňünde tutulandyr.
Döwlet Baştutanymyz milli deňiz düzüminiň binýadynyň berkidilmeginiň we yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň suw aragatnaşygy arkaly ýük dolanyşygynyň hem-de ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň netijeliliginiň ösüşine täsirini ýetirjekdigini belledi.