7-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümetiniň ýanynda Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygyny ýokary hil derejesinde we öz wagtynda tamamlamak maksady bilen ýörite toparyň döredilýändigini habar berdi.
Toparyň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ahal welaýaty boýunça jogapkär Çary Gylyjow ýolbaşçylyk eder.
Ýörite topara maliýe ulgamy boýunça wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hem-de gurluşyk ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Pürçekow agzalyk edýär.
Ýüze çykan soraglary dessine çözmek we olara seretmek maksady bilen, ýörite toparyň agzalarynyň arasynda her hepdede duşuşyk geçirer.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýörite toparyň mejlisine ýüze çykarylan soraglary çözmek üçin islendik ýolbaşçy çagyrylyp bilner. Toparyň ilkinji mejlisi şu hepdede geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz bu toparyň mejlisleriniň birnäçesine hut özüniň gatnaşjakdygyny belledi.
Bilşimiz ýaly, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezini gurmak hakynda çözgüt 2018-nji ýylyň oktýabrynda kabul edildi.
Türkmenistanyň ilkinji «akylly şäheriniň» gurluşygyna ABŞ-nyň 1,5 milliardy sarp edilýär. Edara ediş merkeziniň gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň aprelinde girişildi.
Gurluşygyň ilkinji tapgyry şu ýylyň dekabr aýynda — hemişelik Bitaraplygymyzyň baýramyna gabatlanyp tamamlanar.