“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky
2021-nji ýyl üçin maliýe hasabatlylygynyň halkara auditini geçirmek üçin
bäsleşik yglan edýär
“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky halkara auditorçylyk kompaniýalaryny bankyň 2021-nji ýyl üçin maliýe hasabatlylygynyň halkara auditini geçirmek üçin bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.
Auditorçylyk netijenamasyny bermegiň möhleti – 2022-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli.
Bäsleşige gatnaşmak üçin auditorçylyk kompaniýalary şu aşakdaky resminamalary bermeli:
Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwary güni sagat 18.00-a çenli (ýerli wagt boýunça) kabul edilýär.
Auditi geçirmegiň bahasy gutarnykly bolmaly we kanunçylykda göz öňünde tutulan ähli salgytlary, ýygymlary we beýleki çykdajylary öz içine almaly.
Täjirçilik tekliplerine garamagyň wagty – 2022-nji ýylyň 1-nji fewraly, sagat 10.00 (ýerli wagt boýunça).
Täjirçilik tekliplerini admin@rysgalbank.com.tm elektron poçtasyna iberip ýa-da Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 1946-njy köçe (Ankara köçesi), 23-nji bina, “Rysgal” PTB salgysy boýunça möhürlenen görnüşde ofise getirip bolar.
Maglumatlar üçin telefon: +993 12 96 46 16