Türkmenistanyň maliýe-ykdysadyýet ulgamynyň ýolbaşçysy, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlary boýunça iş saparyny amala aşyrar. Onuň barşynda Täze ýylyň öňýanynda dükanlardaky we bazarlardaky harytlaryň bahalaryna gözegçilik ediler. Bu barada tabşyryk wise-premýere Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berildi.
S.Berdimuhamedow oba ýerlerinde bar bolan meseleleri öwrenip, olary aradan aýyrmagyň çözgütlerini tapmagy we olar hakynda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisleriniň birinde hasabat bermegi maksat edinýär.
Welaýatlar boýunça iş maslahatynyň barşynda Serdar Berdimuhamedow Milli oba maksatnamasynyň, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport ugurly harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanşar.
Geçen hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içerki bazary azyk harytlary bilen doly üpjün etmegi hem-de ilkinji zerur önümleriň bahasyny galdyrmazlygy gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.