16-njy dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.
Bu baýram mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow partiýanyň agzalaryna we maslahata gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň Türkmenistana ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilik ýaly halkymyzyň iň gowy häsiýetlerini ýüze çykarmaga ýardam berendigini belledi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döwletimiziň hukuk we kanunçylyk ulgamynda möhüm orny eýeleýär.
Maslahatyň çäklerinde çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän oňyn işleriniň Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny artdyrýandygyny bellediler. Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylyk we howpsuzlyk bilen bagly oňyn başlangyçlary halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Demokratik partiýanyň agzalary bolsa ýurdumyzyň bu üstünliklerini ýokary derejede wagyz-nesihat edýärler.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň öňdebaryjy agzalary Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Maslahat bilen utgaşdyrylyp, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň zalynda ugurlaýyn sergi guraldy. Onda türkmen suratkeşleriniň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlap döreden sungat eserleri görkezildi.