Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi 103 geleşik hasaba alyndy.
Gazagystanyň işewürler toparyna dollar serişdeleriniň hasabyna Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümi bolan agyr wakuum gaz ýagy(газойль) we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän uçar kerosini satyldy.
ABŞ-nyň dollaryna daşary ýurtly telekeçilere pagta ýüplügi, boýalan we žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi.
Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 989 müň dollaryna deň boldy.
Türkmen telekeçileri milli manat serişdelerine «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän polipropileni we elde dokalan halylary satyn aldylar.
Olaryň umumy bahasy 240 million 84 müň manat boldy.