11-nji dekabrda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty ― halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşi esasydyr» ady bilen maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy.
Maslahata Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem BMG, ÝHHG, GDA, YHG, Türki dilli döwletleriň guramasy, Türk medeniýetiniň halkara guramasy ýaly halkara guramalaryň birnäçesiniň wekilleri, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti çärede çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine ygrarlydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, halkara gatnaşyklarynda täze filosofiýanyň döredilmegi zerurdyr. Ol ösüşe, umumadamzat gymmatlyklaryna we anyk syýasy talaplara eýermelidir.
Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary H.Noziri, Türki dilli döwletleriň guramasynyňbaş sekretary B.Amreýew, Türk medeniýetiniň halkara guramasynyň baş sekretary D.Kaseinow, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň başlygy N.German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy J.MakGregor we beýlekiler çykyş etdiler.