3-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň hökümetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetine pandemiýanyň täsirlerini azaltmak we 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklamak boýunça maksatnamany tassyklady. 

Çökgünlige garşy bu maksatnama Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, senagat mümkinçiliklerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ulag-infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri kesgitleýär. 

Şeýle-de resminamada kiçi we orta telekeçiligi goldamak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, ýurduň ilatynyň durmuş goraglylygyny we ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.