Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti Ýewraziýa kongresiniň çäklerinde GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň Moskwa şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Onuň gün tertibinde Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meselelere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Maslahatyň barşynda GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew pandemiýanyň çylşyrymly döwründe hem GDA döwletleriniň ösüşiň we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýokary depginini saklamagy başarandygyny belledi.
Soňra GDA döwletleri tarapyndan hyzmatlaryň, edaralaryň, işleriň we maýa goýumlaryň erkin söwdasy boýunça Ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. «2016 — 2020-nji ýyllarda GDA agza döwletleriň salgyt gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň utgaşdyryjy geňeşiniň işi hakynda» hasabat diňlenildi.
Ykdysady geňeşiň we Halkara ykdysady forumyň nobatdaky mejlisi geljek ýylyň 18-nji martynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde geçiriler.