17-nji dekabrda Aşgabatda döwlet eýeçiligindäki obýektleri satmak boýunça Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan auksion guralar.
Satuwa Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli obýektleriň 19-sy, Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrligine, «Türkmengaz» döwlet konsernine, Suw hojalygy komitetine, «Türkmenhowaýollary» agentligine, «Türkmenhaly» döwlet birleşigine, şeýle hem Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň häkimliklerine degişli obýektler degişli ediler. Olaryň doly sanawy bilen «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 02.12.2021 senedäki neşirinde görkezilýär.
Auksiona gatnaşmak üçin arza Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, auksionyň geçirilmegine 24 sagat galýança kabul edilýär. Gatnaşyjylar auksionyň geçirilýän güni sagat 9:00-da hasaba alnar.
Auksion hakynda goşmaça maglumatlary ministrligiň emläk gatnaşyklary we telekeçileri goldamak bölümine, şeýle hem onuň welaýatlardakydyr paýtagtymyzdaky beýleki ugurdaş maliýe hem ykdysadyýet bölümlerine ýüz tutmak arkaly alyp bilersiňiz.