Geçen hepdede Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylan söwda geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň dollaryndan geçip, jemi söwda geleşikleriniň 24-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň önümleri daşary döwletleriň telekeçilerine ýerlenildi. Şunlukda, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Polşanyň we Türkiýäniň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi — polietileni, Owganystanyň täjirleri bolsa «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilýän suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Owganystanyň we Özbegistanyň täjirleri umumy bahasy 48 müň manatdan gowrak bolan elde dokalan halylary satyn aldylar. Şeýle-de içerki bazar üçin türkmen telekeçilerine umumy bahasy 160 million 269 müň manat bolan polietilen, pagta süýümi we el halylary satyldy.