Türkmenistanyň Merkezi banky ýurduň paýtagtynda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli gymmaty 100 manat bolan altyn we kümüş şaýlaryny goýberdi.
Şaýlar «Eng Leong Medalliс Industries Pte Ltd» atly Singapur kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy. Onuň ýüz tarapynda ýer şarynyň şekili we YHG-nyň nyşany ýerleşdirilendir. Şaýyň gapdal tarapynda «YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA AGZA DÖWLETLERIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ 15-NJI DUŞUŞYGY» diýen ýazgy hem-de onuň goýberilen ýyly — «2021» bar. Şeýle hem şaý sekizburçly ýyldyzyň şekilinde uly bolmadyk nagyş bilen bezelipdir.
Şanly waka mynasybetli goýberilen şaýyň arka tarapynda Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň şekili ýerleşdirilip, onuň ýokarsynda ýarym aýlaw görnüşinde «TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY», aşagynda bolsa şaýyň gymmatyny görkezýän «ÝÜZ MANAT» diýen ýazgylar bar. Şeýle hem ol ýerde şaýyň agramy we nusgasy hakynda maglumat berilýär.
Altyn şaýyň nusgasy — 916,7 deň bolup, ol 39,94 gramm agramlydyr. Şaýyň diametri 38,61 mm-e barabardyr. Ikinji şaý hem şol diametrde bolup, onuň nusgasy 925, agramy 28,28 grammdyr. Şaýlar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şahadatnamasy bilen üpjün edilendir.
Täze şaýlar ýerli we daşary ýurtly kolleksionerleriň ünsüni özüne çeker.