Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 38-si hasaba alnyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 543 müň dollaryndan geçdi.
Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürler toparynyň wekilleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümlerini — arassalanan mazudy we dizel ýangyjyny, uçar kerosini, şeýle hem «Türkmenhaly» döwlet birleşiginde öndürilýän halylary, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk ministrligi tarapyndan öndürilýän reňksiz aýnalary satyn aldylar.
Milli manat serişdelerine Gazagystanyň we BAE-niň telekeçilerine umumy bahasy 19 müň manat bolan el halylary ýerlenildi.
Içerki bazar üçin ýerli täjirler pagta süýümini, halylary, şeýle hem ýokary basyş arkaly taýýarlanylýan polietileni satyn aldylar.