15-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň döwlet býujeti hakynda kanuna gol çekdi. Ýurduň geljek ýyl üçin döwlet býujetiniň möçberi onuň şu ýyl üçin niýetlenilişinden artykdyr.
«Нейтральный Туркменистан» gazetinde berilýän maglumatlara görä, geljek ýyl üçin döwlet býujetiniň umumy möçberi 85 milliard 619 million 200 müň manada(Merkezi bankyň görkezijileri boýunça ABŞ-nyň 24 milliard dollaryna) deňdir. Munuň özi 2021-nji ýylyň döwlet býujetiniň möçberinden 6 milliard manat köpdür. Şu ýylda döwlet býujetiniň möçberi 79 milliard 509 million 600 müň manada ýa-da ABŞ-nyň 22,7 milliard dollaryna barabardyr.
Türkmenistanyň döwlet býujeti hakynda kanunyň 2-nji bölümine laýyklykda, merkezleşdirilen býujetiň möçberi 77 milliard 421 million 500 müň manat(ABŞ-nyň 22,2 milliard dollary) bolar. Bu serişdeleriň 4%-e golaýy(3 milliard 101,2 million manat) ýerli býujeti sazlamaga gönükdiriler. Olaryň aglaba bölegi Daşoguz welaýatyna(1 milliard 520,3 million manat) sarp ediler.
Ýerli býujetleriň möçberi 11 milliard 299 million manada (3 milliard dollara golaý) deň bolar. Serişdeleriň aglaba bölegi (2 325,2 million manady) Lebap welaýatyna gönükdiriler.
Maliýe serişdeleriniň 70%-den gowragy bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň ösüşine sarp ediler.
Türkmenistanyň döwlet býujetiniň çykdajylarynyň durnukly bölegine zähmet haklary, döwlet kömek pullary, pensiýa tölegleri we talyp haklary degişli bolmagynda galýar.