12-nji noýabrda türkmen paýtagtynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew, şeýle hem Komitetleriň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hakynda edilen çykyşlarda esasy maliýe resminamasynyň Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň artmagyny göz öňünde tutýandygy, onuň serişdeleriniň agramly böleginiň jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlary üçin gönükdirilýändigi bellenildi.
Halk Maslahatynyň agzalary garamaklaryna hödürlenilen “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuny biragyzdan makulladylar.
Soňra “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” , “Poçta aragatnaşygy hakynda”, “Döwlet ýer kadastry hakynda” (rejelenen görnüşi), “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda” , “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna garaldy.
Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”, “Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Kanunlara seredildi.
Halk Maslahatynyň mejlisinde garalan kanunlaryň ählisi biragyzdan kabul edildi we olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi.