Daşary ykdysady bankyň başlygy Rahymberdi Jepbarow Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryşynyň barşynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýýan ýurtlaryň sanawyny mälim etdi. Sanawda Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany, Germaniýa we ABŞ ýaly döwletler bar.
2021-nji ýylda daşary ýurtlaryň maliýe guramalarynyň 5-si bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 236 million dollaryna deň bolan geleşikler baglaşyldy.
Maýa goýumlaryň ýarsyna golaýy, ýagny 49%-i nebitgaz ulgamynyň, 18%-i himiýa senagatynyň, 11%-i elektroenergetika pudagynyň, 10%-i oba hojalygy, ulag we telekommunikasiýa infrastrukturasy ugurlarynyň, 2%-i ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynyň ösüşine gönükdirilýär.
2021-nji ýylyň 8 aýynda daşary söwda ABŞ-nyň 9 milliard 192 million dollaryna deň boldy. Bu görkezijide eksportyň paýy ABŞ-nyň 5 milliard 472 million dollaryna, importyň paýy bolsa ABŞ-nyň 3 milliard 720 million dollaryna barabardyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň umumy möçberi ABŞ-nyň 1 milliard 751 million dollaryna çenli ýokarlandy.
Ýurdumyzyň döwlet borjy JIÖ-niň 11%-den ýokary geçmeýär.