Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda söwda geleşikleriniň 50-si hasaba alnyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 39 million 474 müň dollaryna barabar boldy.
Russiýanyň, BAE-niň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Gonkongyň işewürler topary dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümlerini — polipropileni, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem float aýna listlerini, jins matasyny we pagta ýüplügini satyn aldylar.
Gazagystanyň we BAE-niň telekeçilerine milli manat serişdelerine pagta ýüplügi, türkmen täjirlerine bolsa nebit bitumy we el halylary ýerlenildi. Söwda geleşikleriniň bahasy 22 million 930 müň manada deň boldy.