Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Baştutany býujetiň girdejilerini artdyrmak boýunça çäre görmegi we kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi tabşyrdy. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň maliýe ykdysady ulgamyna ýolbaşçylyk edýän Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, maýa goýumlary çekmek işini işjeňleşdirmegi, döwletiň çykdajylaryny we olaryň netijeliligini hemişelik gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Türkmen Lideri öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň dünýä ykdysady gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýän milli ykdysadyýetiň ýaramaz täsirlerini gysga we orta möhletlerde azaltmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedowa beýleki wise-premýerler bilen bilelikde 2022-nji ýyl üçin ýurduň ykdysady ösüş maksatnamasyny taýýarlamak tabşyryldy. Bu resminama ygtybarly maýa goýumlara daýanmalydyr.