30-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 6-njy çagyrylyşynyň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda «2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Kanun we «2020-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetini ýerine ýetirmek hakynda» karar biragyzdan kabul edildi. Bu resminamalaryň taslamalary Mejlise degişli bolan komitetleriň ählisi, ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. 

2021-nji ýylyň esasy maliýe-hukuk resminamasy taýýarlanylanda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyndan» gelip çykýan we ilkinji nobatda durýan meseleleri özünde jemleýän ykdysady strategiýa  göz öňünde tutuldy. 

Döwlet Baştutanymyzyň teklibi esasynda 2022-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyndan durmuş ulgamyna gönükdiriljek serişdeleriň möçberi onuň 70 göteriminden gowragyny düzer. Şeýle hem önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak we ýaşaýyş-jaý, durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygy ýaly ulgamlara berlen paýy ýokarlandyrmak üçin maýa goýumlar bölünip berler. 

Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň ätiýaçlandyrylan çykdajy bölegini zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek we talyp haklary emele getirýär. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugy bilen geljek ýylda 10 göterim ýokarlanar. 

Geljek ýylda agrosenagat toplumynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, dokma we azyk senagatynda, şeýle hem ulag-kommunikasiýa, önümçilik infrastrukturasy pudagynda ösüşler dowam etdiriler. 

2022-nji ýylda telekeçiligi goldamak, milli harytlaryň önümçiligini artdyrmak, önüm öndürijilik durnuklylygyny saklamak maksady bilen döwlet býujetinden serişdeler bölünip berler. 

Döwlete degişli kärhanalary we obýektleri hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurduň ykdysadyýetinde hususyýetçileriň paýyny ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barlar. Şeýle hem täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi bilen täze iş orunlary emele geler. 

Geljek ýylda ýurdumyzyň bank we salgyt ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, möhüm milli maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň ýerine ýetirilişini maliýeleşdirmäge, ykdysady bazaryň gurluşyny dörebaplaşdyrmaga gönükdirilen işler durmuşa geçiriler.