Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ýurduň raýatlaryna gutlagyny iberdi.
Gutlag:«Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň - manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!» diýen sözler bilen başlanýar.
«Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi».
«Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşine Halkara guramalary tarapyndan hem oňyn baha berilýär» — diýip, döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda bellenilýär — «Dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesi has-da pugtalandyrylýar. Muňa halkara derejeli agentlik tarapyndan Türkmenistana kesgitlenen derejeler şaýatlyk edýär».
«Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi ilatymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Gazanylýan üstünlikler ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň görkezijisidir. Bu ýetilen
sepgitleri Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalary tassyklaýar.
Biz gelejekde-de ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris».
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynyň ahyrynda ýurdumyzyň raýatlaryny we banky ulgamynyň işgärlerini bu ajaýyp baýramçylyk bilen ýene bir gezek gutlady:
«Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!»