27-28-nji oktýabrda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň Nebiti we gazy - 2021» atly halkara maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guraldy. Şeýle hem halkara çäräniň geçirilmegine «GaffneyCline» britan kompaniýasy ýardam berdi.
Giň gerimli maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Maslahata sanly aragatnaşyk arkaly dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden halkara nebitgaz kompaniýalaryň, iri halkara guramalaryň, maliýe institutlaryň 100-den gowragynyň wekilleridir hünärmenleri goşuldy.
Halkara forumyň bölümçelerinde energetika diplomatiýasynyň, bu ulgama maýa goýumlary çekmegiň, daşky gurşawa energetika galyndylaryny zyňmagy azaltmagyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler diwersifikasiýa maksatnamalaryny esasy üns merkezinde sakladylar. Munuň özi Türkmenistanyň ençeme ýyl bäri öňe sürýän strategiýasynda beýan edilen çemeleşmedir.
«Türkmenistanyň Nebiti we gazy – 2021» halkara maslahatyna gatnaşyjylar her ýylda guralýan bu forumyň dünýäniň nebitgaz ugurly kompaniýalary üçin Türkmenistan bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde oňyn meýdança bolup hyzmat edýändigini bellediler.