Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 43 geleşik hasaba alyndy. Söwda geleşikleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 62 million 433 müň dollaryna deň boldy.
Dollar serişdelerine Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Maltanyň, Panamanyň we Singapuryň telekeçileri Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümlerini — uçar kerosinini, polipropileni, esas ýagyny, tehniki kükürdi we gurluşyk nebit bitumyny satyn aldylar.
Russiýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň täjirlerine aýna listleri, pagta ýüplügi, žakkard we boýalan tüýjümek önümleri ýerlenildi.
12 million 48 müň manada deň bolan pagta ýüplügi Gazagystana we BAE-ne ugradyldy.
Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler elde dokalan halylary, pagta lintini, pagta süýümini we plastik gapaklary satyn aldylar. Söwda geleşikleriň umumy bahasy 179 million 738 müň manada deň boldy.