Türkmenistanda ÝHHG tarapyndan korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek bilen bagly meselelere bagyşlanyp, iki günlük onlaýn-okuw guraldy. Oňa Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň, hukuk goraýjy edaralaryň we beýleki ministrlikleriňdir pudaklaýyn edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw Latwiýanyň we Ukrainanyň halkara hünärmenleri tarapyndan geçirildi. Onlaýn okuwynyň barşynda oňa gatnaşyjylar ÝHHG-e agza döwletleriň korrupsiýa garşy göreşmekde gazanan netijeli tejribeleri bilen tanyşdyryldy.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon MakGregor öz çykyşynda:«Korrupsiýa dolandyryş, demokratik ösüş, ykdysady durnuklylyk we işewürlikde dogruçyllyk üçin esasy howpdur» diýip belledi.
Korrupsiýanyň çeşmelerini öwrenmek ugrunda Bütindünýä bankynyň tejribesine salgylanyp, okuwa gatnaşyjylar onuň ykdysadyýetiň, telekeçiligiň ösüşine ýetirýän täsiri, şeýle hem korrupsiýa garşy göreşmegiň netijeli usullary hakynda pikir alyşdylar.
ÝHHG we beýleki halkara düzümler korrupsiýa garşy göreşmegiň meselelerini öwrenmek we bu ugurda tejribe alyşmak maksady bilen ulgamlaýyn işleri geçirýärler.