Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 28 geleşik hasaba alnyp, olaryň ummy bahasy ABŞ-nyň 21,1 million dollaryndan geçdi.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümi bolan awtobenzini, uçar kerosinini, göni işlenen benzini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Şeýle hem geçen hepdede daşary ýurt puluna Ukrainanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, BAE-niň we Owganystanyň wekilleri aýna listlerini, dürli awtoulaglary, bakja we miwe önümlerini, pagta ýüplügini satyn almak boýunça umumy bahasy ABŞ-nyň 21 million 218 müň dollaryna barabar bolan geleşikleri baglaşdylar.

Milli manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri pagta ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 5 million 628 müň manada deň boldy.

Içerki bazar üçin umumy bahasy 813 müň manat bolan motor ýagynyň dürli görnüşleri satyn alyndy.