Türkmenistan ýokary derejeli dabaralar bilen öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belläp geçdi. Ildeşlerimiziň esasy ünsi Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada guralan dabaraly ýörişde jemlendi.
Baýramçylyk mynasybetli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guraldy. Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň öňdebaryjy raýatlary ― sungat, medeniýet, sport, syýasat wekilleri medallar we hormatly atlar bilen sylaglanyldy.
Baýramçylyk günlerinde köpugurly «Aşgabat» dynç-alyş we iş merkeziniň hem-de ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin uly sowgat boldy.
Adatça bolşy ýaly, gijeki Aşgabadyň asmanyny birnäçe minutlap bezän feýerwerkleriň we salýutlaryň gözelligi bilen baýramçylyk dabarasy jemlendi.