2021-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş derejesi 6,2%-e deň boldy. Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde şu ýylyň 8 aýynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi hakynda bellenildi.

Mejlisiň barşynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende Türkmenistanda önüm öndürmegiň 5,5%, bazar haryt-dolanyşygynyň 17%, içerki haryt-dolanyşygynyň 9,6% ýokarlanandygy habar berildi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,5%-e, çykdajy bölegi bolsa 97,5%-e barabardyr.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta kärhanalarda ortaça aýlyk haklary 10,5% artdy. Döwlet tarapyndan pensiýalar, kömek pullary, talyp haklary we zähmet haklary öz wagtynda tölenildi.