9-10-njy sentýabrda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde elektron söwdanyň we elektron täjirçiligiň ösüşine, degişli kanunlaryň işlenilip taýýarlanylmagynda döwletiň eýeleýän ornuna bagyşlanan iki günlük onlaýn masalahat geçirildi.
Maslahata Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, döwlet guramalarynyň, täjirçilik banklarynyň hem-de hususy ulgamlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Gazagystanyň we Moldowanyň halkara hünärmenleri diňleýjileri elektron söwda we täjirçilik ulgamynda döwrebap halkara tendensiýalar, elektron söwdanyň ösüşini üpjün etmek hem maýa goýum çekmek üçin kanunlary we strategiýalary işläp taýýarlamagyň oňyn tejribesi bilen tanyşdyrdylar.
Maslahatyň ugurlarynyň biri elektron söwdanyň we täjirçiligiň durnukly ösüşini sazlaýan gurallar bilen tanyşdyrmak boldy. Hünärmenler sanly bazarda howpsuzlygy üpjün etmegiň öňdebaryjy tejribeleri we Türkmenistanda sanly bazaryň ösüş mümkinçilikleri hakynda durup geçdiler.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygyň wezipesini ýerine ýetiriji Uilýam Lifiň aýtmagyna görä, milli tejribä sanly ulgamyň we tehnologiýalary ornaşdyrmak netijeli guramaçylyk, kanunçylyk esaslaryny talap edip, adam we guramaçylyk mümkinçiliklerini kämilleşdirýär.
«Sanly tehnologiýanyň ösmegi we ornaşdyrylmagy, öz gezeginde, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň mandatynyň çäklerindäki, şeýle hem milli gün tertibindäki möhüm sowallaryň biridir» diýip, U.Lif belledi.