Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, halkara maliýe gurluşlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi, ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmegi we ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna goldaw bermegi üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Ýewropanyň ösüş we täzeleniş banky(ÝÖTB) bilen 25 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlyk edýär. 

Bank 1991-nji ýylyň aprelinde esaslandyrylyp, sebitiň iri maýa goýujysy hökmünde tanalýar. ÝÖTB-niň saýtynda habar berlişi ýaly, bank «bazara gönükdirilen ykdysadyýete, şeýle hem hususy we telekeçilik başlangyçlarynyň ösüşine» ýokary baha berip, ol açyk bazar ulgamyna geçmek meselelerinde esasy hünärmen bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda ÝÖTB Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň, Günorta we Gündogar Ortaýer deňziniň 30-dan gowrak döwletleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. 

Dürli taslamalary maliýeleşdirmek bilen ÝÖTB pudagyň gurluşynyň döwrebaplaşmagyny, bäsdeşligiň we telekeçiligiň ösmegini,  guramalaryň maliýe hem hukuk ýagdaýynyň gowulanmagyny we beýlekileri üpjün edýär.

1994-nji ýylda ÝÖTB Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ýurduň çäginde kiçi we orta telekeçiligi maliýeleşdirmäge ABŞ-nyň 35 million dollary möçberinde karz berme serişdeleriniň açykdygy barada ylalaşyga gol çekdi. ÝÖTB-niň ýurduň çäginde işe başlan ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligini ösdürmäge degişli 110 karz berme amallary ýerine ýetirilip, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 7 million dollaryna barabar boldy. ÝÖTB-niň maliýelediren taslamalarynyň aglabasy azyk önümleriniň önümçiligi, ulag, syýahatçylyk hem söwda ulgamlary bilen baglydyr. 

Wagtyň geçmegi bilen ÝÖTB Türkmenistanyň beýleki şäherlerindäki ― Daşoguzdaky, Marydaky, Türkmenabatdaky we Türkmenbaşydaky taslamalary maliýeleşdirmäge başlady. Onuň maksady ýurtda söwda, hyzmat, gurluşyk hem önümçilik ugurlarynda kiçi we orta kärhanalary, hususyýetçileri ösdürmekdir. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň başyndan bäri ÝÖTB ýurda 293 million ýewro maýa goýum sarp edip, 80-e golaý taslamany maliýeleşdirdi.