Hepdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow döwlet emlägini netijeli dolandyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň beýleki ministrlikler, edaralar we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde hususylaşdyrmaga hem-de döwletiň garamagyndan aýyrmaga degişli bolan döwlet kärhanalaryny seljermesiniň netijeleri barada maglumat berildi. Teklipleriň sanawy taýýarlanylyp, ol Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky pudagara merkezi toparyň garamagyna hödürlenildi.  

Sanawa «Türkmengaz» döwlet konserniniň desgalarynyň 5-si, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we aragatnaşyk agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentstwasynyň desgalarynyň 3-si, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Lebap welaýatynyň häkimliginiň bir desgasy degişli edildi. Bu desgalary hususylaşdyrmak işlerini bäsleşikli söwda esasynda geçirmek teklip edilýär.