Birleşen Arap Emirliklerine guralan saparyň barşynda türkmen wekiliýetiniň başlygy Berdiniýaz Mätiýewiň we uzak möhletleýin halkara maýa goýum Mubadala döwlet kärhanasynyň ýolbaşçy düzüminiň arasynda duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň gün tertibinde maýa goýum, maliýe we gazhimiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Pikir alyşmalaryň ahyrynda taraplar şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdiler.
Mubadala ― emiratyň döwlet holding kärhanasyna döwletiň milli maddy üpjünçilik gaznasy hökmünde garamak bolar. Onuň esasy wezipesi Abu-Dabiniň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýasyna ýardam etmekdir. Şunda esasy üns uzak möhletleýin maýa goýuma, maliýeleşdirmegiň ugurlaryny we emirat üçin netijeli sosial bähbidi üpjün etmäge gönükdirilýär.