Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak hakynda” Karara gol çekdi. Bu taslama «Türkmenistanda 2019 ― 2025-nji ýyllarda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.

Karara laýyklykda, Merkezi banka ýurdumyzyň Adalat ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we aragatnaşyk agentligi we «Türkmenstandartlary» döwlet gullugy bilen bilelikde iki aýyň dowamynda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karz bermek işleriniň tertibini taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy. Şunda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak hakynda Karara laýyklykda  5 ýyl möhlet bilen ýylda 2 göterim töleg esasynda 2 ýyl ýeňillikli, şeýle hem 3  ýyl möhlet bilen ýylda 2 göterim töleg esasynda 6 aý ýeňillikli karz bermek işlerini ýola goýmak meýilleşdirilýär.