«Rysgal» bank Türkmenistanyň raýatlaryna okuw tölegleri, sarp edijilik maksatlary we ipoteka üçin karz berme hyzmatlaryny hödürleýär. Karz bermeler 3 ýyldan 10 ýyla çenli möhlete niýetlenip, milli manat serişdelerinde amala aşyrylýar.
Karz almalar her aýda anyk mukdardaky tölegi geçirmek arkaly ýola goýulýar. Şunda karz almalaryň töleglerini geçirmegiň birnäçe usullary bardyr.
Birinji usul ― «Rysgal» bankynyň mobil gapjygynyň kömegi bilen tölemek.
Ikinji usul ― karz alnan pul serişdelerini ýörite hasaba geçirmek arkaly tölemek. Karz alma amala aşyrylandan soň bankda müşderä nagt däl görnüşinde ýörite töleg hasaby açylýar. Oňa pul serişdelerini geçirmek «Rysgal» bankynyň islendik şahamçasynda ýerine ýetirilýär. Munuň üçin degişli hünärmene ýüz tutmak we oňa pasportyňy hem-de şahsy hasabyň belgisini görkezmek ýeterlikdir.
Üçünji usul ― karz almalary bank kartlary arkaly tölemek. Ýurduň islendik bankomatlarynda olara nagt pul serişdelerini degişli funksiýalar arkaly geçirmek bolýar.
Karz alnan serişdeleriň tölegleriniň hasabatyna gözegçilik etmek üçn «Rysgal» bank mobil hyzmatyny birikdiriň.