12-13-nji iýunda Aşgabatda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurtda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli däp bolan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen her ýylda guralýan we iki günläp dowam edýän foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda birnäçe daşary ýurtlaryň, şol sanda Azerbaýjanyň, Belarusuň, Bolgariýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Fransiýanyň, Estoniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki döwletleriň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar innowasiýa tehnologiýalarynyň sergisi bilen tanyşdylar.

Geçirilen umumy mejlisiň barşynda wekilçilikli forumyň wekilleri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Soňra dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri – Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, ylymlaryň doktory, professor Rifkat Minnihanow, Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, habarçy agzasy Kanatbek Abdrahmatow, Belarusuň Milli Ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibi, ylymlaryň doktory Wasiliý Gurskiý, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibi, ylymlaryň doktory, professor Gaýrat Bahadirow, Gazagystan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, ylymlaryň doktory, professor Lýazzat Ýeraliýewa we beýleki daşary ýurtly alymlar çykyş etdiler. Çykyş edenler özleriniň wekilçilik edýän ylym merkezleriniň işiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler.

Çykyş edenler yzygiderli geçirilýän ylmy duşuşyklaryň, tejribe alyşmalaryň, hünär tejribeliginiň, halkara taslamalary we maksatnamalary bilelikde ýerine ýetirmegiň, ylmy barlaglaryň gurallarynyň ösüşiniň ylmy işleriň halkaralaşmagynyň ýokary derejesini üpjün edýändigini bellediler.

Halkara ylmy maslahatyň wekiliýet agzalary günüň ikinji ýarymynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini — ýaş alymlary sylaglamak dabarasyna gatnaşdylar.

Şu gün — 13-nji iýunda halkara ylmy maslahat Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde 7 sany mowzuklaýyn bölümiň çäklerinde öz işini dowam eder. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika»; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika»; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary»; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary»; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Innowasion ykdysadyýet»; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Ynsanperwer ylymlary»; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Magtymguly Pyragy – adamzat kalbynyň şahyry» atly mejlisler geçiriler.

Daşary ýurtly myhmanlar üçin Aşgabadyň muzeýleri we beýleki gözel ýerleri bilen tanyşlygy öz içine alýan giň medeni maksatnama taýýarlanyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentiligi