Şu günler ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý topary paýtagtymyzda geçirilýän halkara ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndan üstünlikli geçip, adyny final duşuşygyna ýazdyran ilkinji topar boldy. Ýaryşdaky dört duşuşygynda-da ýeňiş gazanan «Galkan» indi «B» toparçadan geljek garşydaşyna garaşar.

Düýn geçirilen 4-nji tapgyryň duşuşygynda «Galkan» «A» toparçadaky esasy bäsdeşini — «Feniksi» (Özbegistan Respublikasy) 9:1 hasabynda ýeňip, bassyr dördünji duşuşygyny hem uly hasapda gazanylan ýeňiş bilen tamamlady. Duşuşykda bäş şaýba geçiren Perhat Atekäýew bolsa şu ýaryşda iň köp tapawutlanan hokkeýçileriň sanawynda birinji orna göterildi. Indi onuň hasabynda 9 şaýba bar. Duşuşykda «Galkanyň» galan dört şaýbasynyň ikisini Erkin Kakabaýew, galan ikisini bolsa Baýmyrat Baýmyradow bilen Muhammetýar Nuryýew geçirdi. Özbek toparyndan diňe Daniel Kogan bir gezek tapawutlanyp bildi.

Günüň dowamynda «A» toparçanyň çäginde geçirilen ikinji duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box» topary Oman Soltanlygynyň «Oman Nationals» toparyny 6:0 hasabynda ýeňip, şu ýaryşdaky ikinji ýeňşini gazandy.

Yzda galan dört tapgyrdan soň 12 utukly «Galkan» toparçadaky duşuşyklaryny birinji orunda tamamlady. «Galkan» final duşuşygyndan öň dynç alar. Toparçada «Feniks» bilen «Ice Box» toparynyň 6 utugy bar. Toparlaryň haýsynyň ikinji orny eýelejekdigi şu gün olaryň geçirjek özara duşuşygyndan soň belli bolar. «A» toparçanyň galan iki wekili bolan «Oman Nationals» bilen «Bahreýn» bolsa heniz utuk gazanyp bilmedi. Bu toparlar ýaryşy, iň bolmanda, 3 utuk bilen tamamlamak üçin şu gün güýç synanyşarlar.

Düýn «B» toparçada hem gyzykly duşuşyklar geçirildi. 4-nji tapgyra çenli utulyşsyz gelen Belarus Respublikasynyň «Wolat» we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparlarynyň özara duşuşygy kazanly hokkeýçileriň 6:4 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Günüň ikinji duşuşygynda bolsa Gyrgyzystanyň «Dordoýy» Türkiýe Respublikasynyň «Team Türkiye» toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi.

Bu netijeler «Adihis-Kazanyň» 9 utuk bilen toparçada birinji orna göterilmegine, Türkiýeden gelen hokkeýçileriň bolsa ýaryşy utuksyz tamamlamagyna sebäp boldy. Kazanly hokkeýçiler finalda «Galkanyň» bäsdeşi bolmaga has ýakyn geldi. Şu gün geçiriljek 5-nji tapgyryň duşuşyklary bu çaklamany hakykata öwrer. Toparçada belarusly hokkeýçileriň we Gazagystanyň «Akmola» toparynyň 6 utugy bar. Şu günki duşuşyklar bu toparlaryň haýsy biriniň ýaryşyň final bölegine çykjakdygyny kesgitlär. «Dordoý» üç duşuşykda 3 utuk toplap bildi, «Team Türkiye» topary bolsa ýaryşy utuksyz tamamlamaly boldy.

Şu gün geçiriljek 5-nji tapgyryň duşuşyklary bilen halkara ýaryşda toparçalaýyn duşuşyklar tamamlanar. Ertir — 20-nji aprelde bolsa merjen paýtagtymyzda geçirilýän halkara sport baýramçylygynyň çempiony we ikinji, üçünji orunlarynyň eýeleri belli bolar.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»