Şu gün — 3-nji aprelde
Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy. Sergi
gazanylan üstünlikleri hem-de ýurdumyzda harytlaryň öndürilişiniň möçberini
giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri
görkezmäge gönükdirilendir.
Serginiň açylyş dabarasyna
Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara
guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly
üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, durmuşa
geçirilýän tutumly işleriň netijesinde harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy
ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki bazaryny ýokary hilli harytlar bilen üpjün
etmekde, daşarky söwdany giňeltmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu gün
«Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly
islegden peýdalanyp, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygynyň
subutnamasyna öwrüldi.
Gözden geçirilişe söwda
toplumynyň kärhanalary we düzümleri, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri
gatnaşýarlar. Sergi söwda we hyzmatlar ulgamynda telekeçileriň gazanan
üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Häzirki wagtda olar ýöriteleşdirilen dükanlary
açýarlar, işlerini françaýzing usuly boýunça guraýarlar.
Häzirki sergi täze üstünlikleri
gazanmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, onuň ykdysady
kuwwatyny has-da artdyrmaga, jemgyýetimiziň gülläp ösmegine gönükdirilen anyk
hereketleri ýerine ýetirmäge itergi berýär.
Sergi üç günläp dowam eder. Forum
tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar
gowşurylar.