27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň mübärek Oraza aýynda geçirilmeginde, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur many bar. Munuň özi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde haýyr işleriň dowamata atarylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Şanly wakalaryň dabaralandyrylýan günlerinde geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini, şunda halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändigini görkezýär.
Hajy Arkadagymyz täze metjidiň çägine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň müftüsi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary, hormatly ýaşulular garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlary ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar bilen gutlap, täze metjidiň açylyşynyň halkara ähmiýetli çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, metjit toplumynyň düzümine sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary geçirmek üçin ýörite bina hem-de ugurdaş desgalar girýär. Metjidiň özboluşly binagärlik çözgüde eýe bolan binasynyň gurluşygynda ýokary hilli gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanyldy. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý derejede abadanlaşdyryldy.
Hajy Arkadagymyz bu ýere ýygnananlar bilen bilelikde täze metjidiň içine girýär. Metjidiň daşky görnüşinde bolşy ýaly, onuň içki timarlaýyş işlerinde-de mermer, granit ýaly gymmat bahaly daşlar ýokary derejede peýdalanylypdyr. Keramatly Gurhanyň sürelerini beýan edýän ýazgylar binanyň bezeginde aýratyn orun eýeleýär.
Soňra Milli Liderimiz Türkmenistanyň müftüsine Arkadagly hajy Gahryman Serdarymyzyň adyndan täze metjidiň hyzmatlary üçin niýetlenen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Müfti ulaglaryň açarlaryny aýratyn hormat hökmünde kabul edip, täze metjidiň işiniň degişli derejede ýola goýulmagy ugrunda edilýän alada üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza hoşallyk bildirdi.
Soňra Milli Liderimiz ýygnananlar bilen bilelikde täze metjidiň sadaka jaýyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şanly waka mynasybetli çykyş etdi.
Mukaddes Oraza aýynyň şu sogaply gününde Änew şäherindäki täze metjitde agzaçar sadakasynyň berilýändigini aýdyp, hajy Arkadagymyz halkymyzda ýol çekmegiň, köpri, metjit gurmagyň sogap iş hasaplanýandygyny belledi. Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde Änew topragynda düýbi tutulan bu metjit döwrebap görnüşde bina edilipdir.
Täze metjidiň «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň Oraza aýynda ulanmaga berilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Munuň özi parasatly ata-babalarymyzdan miras galan haýyrly işleri ýagşy günler bilen baglanyşdyrmak, mukaddeslikleri sarpalamak ýaly däplerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri asyrlaryň dowamynda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýän Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin köp sanly myhmanlaryň gelendigini belläp, şanly günlerde mukaddes Änew topragynda gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze, döwrebap metjidiň ulanmaga berilmeginiň parz işleriň dowamat-dowam bolýandygyny aýdyň görkezýändigini aýtdy.
Bu metjidiň umumy meýdany 6 gektara barabar. Onda bir wagtyň özünde 500 adam namaz okap bilýär. Dört minarasynyň her biriniň boýy 50 metre ýetýär. Gümmeziniň beýikligi bolsa 30 metre deň bolup, ol bir aýyň gün sanyny aňladýar. Uly gümmeziň gyrasynda 24 penjire bolup, ol bir gije-gündizi alamatlandyrýar. Metjitdäki we bu ýerde gurlan 500 orunlyk sadaka jaýyndaky çyralaryň şekilleri, gümmeziniň, diwarlarynyň nagyşlary bugdaý şekilinde bolup, ol Änewiň ak bugdaýyň we ekerançylygyň ilkinji mekany bolandygyny aňladýar diýip, hajy Arkadagymyz belledi.
Metjidiň we sadaka jaýynyň içiniň gök nagyşlarynyň Seýit Jemaleddin metjidinde ulanylan şekilleriň reňkindedigine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz diwarlaryna nesilbaşymyz Oguz hanyň nyşanyny aňladýan sekizburçly nagyşlar çekilen metjidiň mährabynyň ýokarsyndaky ýaşyl reňkli uly yşyklandyryjyda arapça «Alla» diýen ýazgynyň bardygyny aýtdy. Metjidiň we sadaka jaýynyň içindäki halylardaky nagyşlar hem Oguz hanyň nyşanlaryndan alyndy.
Türkmenler öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny saklap we gorap gelýän halkdyr. Yslam dini halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Adamlary halallyk, ynsanperwerlik, ak ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda yslam dininiň ähmiýeti uludyr. Nesip bolsa, ýakyn günlerde mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şunuň ýaly täze metjitler açylyp, olarda ýagşy doga-dilegler ediler diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän adamlara uly goldaw berýändigini belläp, her ýyl ildeşlerimiziň müňlerçesiniň mukaddes ýerlere zyýarata gidýändiklerini, Oraza aýynda agyz bekläp, agzaçar sadakalaryny berip, ýagşy doga-dilegler edýändiklerini, ýurdumyzda mukaddes Oraza we Gurban baýramlarynyň döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy.
“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala ähli ýagşy arzuw-niýetleriňizi hasyl edip, il-ýurt bähbitli, haýyrly işleriňizde hemişe medet bersin!” diýip, hajy Arkadagymyz sözüni jemledi.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykýar. Tebärek çykylandan soňra, sadaka gatnaşýanlara nahar çekildi. Mübärek Oraza aýynyň ýagşy dessurlarynyň biri bolan agzaçar sadakasyna gatnaşanlar milli aşhananyň dürli tagamlaryndan dadyp, ýurdumyzda halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Onda mukaddes Oraza aýynda edilen doga-dilegleriň, berlen sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy dileg edildi.
Hajy Arkadagymyz berlen sadakalaryň, edilen aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara ýüzlendi.
Geliň, häzir çaý başynda il-ýurt bähbitli soraglary ara alyp maslahatlaşalyň! Ýaňy belläp geçişim ýaly, taryhda gadymy Änew topragy rysgal-berekediň mekany bolupdyr. Ak bugdaýyň, ilkinji ekerançylygyň dörän ýeri hasaplanýan bu mukaddes toprak bu günki gün hem gülläp ösüşleri başdan geçirýär diýip, hajy Arkadagymyz söze başlady.
Halk arasynda “Seýit Jemaleddin metjidi” ady bilen belli bolan bu ymaratyň galyndylary, bilşiňiz ýaly, Änew şäheriniň gündogarynda ýerleşýär. Metjidiň ýokarsynda Horasanyň hökümdary soltan Abul Kasym Babyryň (1446 — 1457 ýý.) ady getirilipdir. Şol ýazgyda bolsa: «Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul Kasym Babyr Bahadur han patyşalyk süren wagtynda boldy, hemmeden Beýigiň özi onuň häkimiýetini we patyşalygyny ebedileşdirsin!» diýlip bellenilýär. Beýleki ýazgylarda «Gözellik öýüni» Horasandaky ýerli häkimleriň biri bolan Muhammediň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-we-d-diniň hatyrasyna öz serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär diýip, Milli Liderimiz belledi.
Taryhçy alymlaryň Seýit Jemaleddiniň yslam dinini düşündirmekde meşhur alym bolandygyny, şonuň üçin oňa «dünýäniň we diniň bezegi» diýen derejäniň berlendigini tassyklaýandyklaryny aýdyp, alym Arkadagymyz oňat bişen kerpiçden bina edilen Änew metjidi barada il içinde dürli rowaýatlaryň bardygyna ünsi çekdi.
Bu metjit keramiki şekiller we syrça bilen gowy bezelipdir. Metjidiň inli girelgesi howla tarap bakýan eken. Girelgäniň arkasynda gümmez bilen örtülen, taraplary on ýarym metrlik inedördül giň otag bolupdyr. Bu otagyň iç ýüzüniň günorta diwarynda syrçalar bilen bezelen mährap ýerleşipdir. Onuň gapdallarynda daş ýüzüne çykyp duran tekjeler goýlupdyr.
Hajy Arkadagymyz metjidiň özboluşly bezeginiň çeperçilik taýdan uly ähmiýetiniň bolandygyny aýdyp, onuň bezeginde arkanyň üstünde biri-birine tarap kellelerini uzadyp, süýnüp gelýän iki aždarhanyň şekiliniň çekilendigine ünsi çekdi. Jaýyň öň ýüzünde meňzeş aždarhalaryň şeýle şekiliniň nusgasynyň Merkezi Aziýada başga ýerde gabat gelmeýändigini taryhçylardyr etnograflar belleýärler.
Metjitde şekili çekilen aždarhalar barada rowaýatyň bardygyny belläp, alym Arkadagymyz bir gezek adalatly we parasatly patyşa zenanyň ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlaryň jaňyň gaty hem howsalaly kakylýandygyny eşidendiklerini, olaryň derwezäniň agzyna ylgaşyp gelenlerinde, ägirt uly aždarhanyň jaňy kakandygyny görendiklerini gürrüň berdi.
Ol aždarha bir zady görkezýän ýaly edip, daga tarap ümläpdir. Soňra bolsa märekäniň arasynda elleri paltaly we byçgyly duran iki ussa tarap ümläp, daga tarap ugrapdyr. Patyşa zenan ussalara aždarhanyň yzy bilen gitmegi buýrupdyr. Bular daga baranlarynda, uly dag goçuny diriligine ýuwdup, agyr jebir çekip ýatan başga bir aždarhany görüpdirler. Dag goçunyň şahlary bogazyndan geçmän, aždarhanyň bokurdagyna ilişip galypdyr. Edermen ussalar aždarhanyň açylyp ýatan agzyna girip, goçuň şahlaryny byçgy bilen kesip aýryp, ony böleklere bölüpdirler hem-de aždarhany jebirden halas edipdirler.
Şundan soň, birinji aždarha ussalary hazynadan doly bir derä eltipdir we olara şol baýlykdan göterip bilenlerini almaga ygtyýar beripdir. Ertesi şäheriň ilatyny ýene-de jaňyň sesi oýarypdyr. Olar galadan çykanlarynda, şol iki aždarhany görüpdirler. Aždarhalar köp altyn we gymmat baha daşlary alyp gelen ekenler. Olar bu zatlary patyşa zenanyň öňünde goýup, özleri ýene daga tarap gidipdirler. Zenan patyşa şol gymmat baha daşlardan uly metjit gurmagy we onda şu baýlyklary beren aždarhalaryň şekilini çekmegi buýrupdyr. Rowaýatda aždarhalar Änewiň ilatyna hossarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär diýip, alym Arkadagymyz rowaýaty jemledi.
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabymda belleýşim ýaly, Seýit Jemaleddin metjidini 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesi weýran etdi. Onuň ownujak bölejiklere bölünen diwarynyň üýşmekleriniň aşagynda galan şekil bezegleri bolsa ýarym asyrdan gowrak wagt ýeriň astynda ýatdy.
Biziň ata-babalarymyzyň döreden şekillendiriş sungatynyň ajaýyp eseriniň böleklerini ýumrulan haraba üýşmekleriniň aşagyndan çykarmak we çigit ýaly bölejikleri ýygnap dikeltmek diňe ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde türkmen hünärmenlerine başartdy diýip bellemek bilen, hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidiniň dikeldilen bu bezeg bölejikleriniň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde köpçülige görkezilýändigini aýtdy. Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidiniň şekilleri boýunça geçirilen ylmy derňewler onuň hytaý şekillendiriş sungaty bilen meňzeşliginiň bardygyny tassyklaýar.
Şunuň bilen baglylykda, birnäçe alymlar “Bu meňzeşlik orta asyrlarda türkmen we hytaý ussalarynyň arasynda işjeň hünär gatnaşyklarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär” diýip çaklaýarlar. Elbetde, gatnaşyklar Beýik Ýüpek ýoly boýunça amala aşyrylyp, şol döwrüň döredijilik wekilleri alysdaky Çyn-Maçyn illerine barandyr. Hytaýyň ökde ussalary bolsa türkmen topragynyň şöhratly şäherlerini gözi bilen görmek we kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin güneşli ülkämize gelendir diýip, alym Arkadagymyz belledi.
Türkmen-hytaý dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda ata-babalarymyzyň biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda hytaý halky bilen «Kasam şertnamasy» diýlip atlandyrylan şertnamany baglaşandyklaryny aýtdy. Şeýle ylalaşyk iki halkyň birek-birege ýakynlygyny görkezipdir. Şertnamada: «Goý, biziň ogullarymyz we agtyklarymyz nesillerden-nesillere bu şertnama wepaly bolsun!» diýlip nygtalýar.
Alym Arkadagymyz gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň ýöne ýerden däldigini belläp, Gündogar müçenamasy boýunça şu ýylyň luw (balyk) ýylydygyny, hytaý halkynda bolsa 2024-nji ýylyň aždarha ýylydygyny aýtdy. Aždarhanyň şekili bolsa Seýit Jemaleddin metjidiniň girelgesiniň ýüzünde ýerleşdirilipdir. Bu getiren mysallarym Gahryman Serdarymyzyň ýaňy-ýakynda sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär diýip, alym Arkadagymyz belledi.
Umuman, şu ýyl bizde luw ýyly, dostlukly hytaý halkynda aždarha ýyly bolansoň, gadymy Änew şäheriniň-de dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde bolmagy uly ähmiýete eýedir. Bu biziň halkymyzyň bütin dünýäniň halklary bilen bir hatarda, hytaý halky bilen hem has irki döwürlerden bäri ýakyn hyzmatdaşlygy, esasan-da, medeni gatnaşyklary saklandygyny görkezýär diýip, Milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle ýadygärlikleriň biri bolan Seýit Jemaleddin metjidi umumadamzat mirasynyň gymmatlyklarynyň hatarynda bolmak bilen, eldegrilmesiz hasaplanýar. Metjidiň golaýyndaky gymmatlyklaryň goralýandygy sebäpli, ol ýerde düýpli abatlaýyş işlerini geçirip bolmaýar. Munuň özi onuň asyl durkuny ýitirmezlik we geljek nesillere ýetirmek üçin örän möhümdir.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hajy Arkadagymyz çärä gatnaşyjylaryň şu keramatly toprakda bina edilen täze metjidi ata-babalarymyza we geçmiş mirasymyza sarpa goýmak, şeýle hem taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi hormatlamak bilen, “Seýit Jemaleddin metjidi” diýip atlandyrylmagyny nähili görýändikleri bilen gyzyklandy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi