14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili, öz gezeginde, Panama Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk, özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomat ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bu syýasatda dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda Latyn Amerikasy ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm orun berilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine üns çekildi. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri aýratyn bellenildi.
Ilçi Mejlisiň düzümi, onuň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak teklibi beýan edildi.
Ulag, deňiz arkaly ýük daşama pudagy, syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle-de ýurtlaryň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noad ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin öz tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.